|
Ýer ýüzünde energiýa güýjini kanagatlandyryjy derejede energiýa
akymlary üç topara bolünýärler.
Ýanyjy ýer magdanlary:(daş kömür,nebit,tebigy gaz)
Energiýany gaýta dikeldiji energiýa akymlary:(Gün,Ýel,
Gidroenergiýa, Akym,Ýerasty ýylylyklar)bar.
Ýadernyý energiýa berijiler: (Uran, Plutoniý) Ýadernyý energiýa
önümçiligi bize gaty ullakan mukdardaky atomlaryň içinde gizlenen
energiýalara gapylary açýar. Biz 1 kilogram daş kömürden 8 kilowwat
sagatda, 1 kilogram uran-235-dan bolsa 23.000.000 kilowwat
sagatda ýylylyk energiýasyny alyp bileris. Sebabi ýadernyý ýangyjy
beýleki gazyp alynýan önümlere görä,himiki önümçiliginde
ulanylmaýar. Ýadernyý energiýasyny Hiç hilli himiki önüçiligini
ulanylman öndürip bolýar. Ýöne ýaderniý energiýasynyň önümçiliginide
ýadernyý maddalar bilen işlenende ýalňyş hereket edilse onuň ýer
ýüzünde ýaman ullakan bet-bagtçylyklara getirer bular ýaly ululykdaky
bet-bagtçylyklary göz öňünede getirip hem bolmaz. Hem-de ýaderniý
energiýasyndan her dürli bombalary,raketalary taýýarlap bolar ol
bombalaryň güyji ýer ýüzünde ýaşaýyşy ýok etmanede ýeter.
Dünýä-de birinji derejeli eneregiýasyny sarp etmekde:
(Daş kömür, nebit, tebigy gaz, uran magdany) Bir ýylyň dowamynda
hazirki hasaplamalara görä biziň sarp edýän energiýamyz
12.000.000.000 tonna şDKÝ barabardyr we ol gün-günden hem artýar.
Ýeriň ýüzündäki diňe önýän ýataklar boýunça ýanyjy magdanlarynyň
mukdaryny hasaplamyzda, entäk bu güne çenli tapylmadyk ýerlerem bar
ýöne diňe tapylanlary hasaplanymyzda mundane ýene beýläk hem 3-4 ýüz
ýyllyklara ýetjek energiýamyz bar diýsek boljak. Biziň planetamyzda
tehnologiki maglumatlara görä uran maddasy takmynan 153.000.000.000
tonna barabar bolup durýar. Ýöne hazirki zaman tehnologiýasyna görä
“ brider ” reaktorlarynyň kömegi bilen 153.000.000.000 tonna şDKÝ-dan
9.180.000.000.000 tonna çenli ýaderniý ýangyjyny öndürip bolar. Şeýlelik
bilen hasaplamalara görä 1000 ýyla çenli energiýamyz ýeter ýöne ýeriň
masştabyna görä bu energiýada ýaz diýip hasap edýärler.
ENERGIÝA KESGITLEMESI
Albert Enşteýnyň “ göralik ” teoriýasynyň formulalarynyň
içinden Iň bir wajyp bolanlaryň biri bolan formulasy
şeýle şekile eýedir:
E=mc2
Munda E - energiýa, m - massa, c - ýagtylyk tizligi.
Munuň manysy belli bir şertlerde käbir massa ummasyz energiýa öwürlip
şonda jisimem hem energiýanyň bir görnüşi diýip hasaplasak hem bolar.
Biziň bilşimiz ýaly energiýany ýylylykdan ýagtylyga öwrüp bolýar
ýylylykdan elektrik energiýasynada öwrüp bolýar.
ATOM BARADA DÜŞÜNJE
Atom sözi grek sözi bolup (atomos) ýagny bölünmeýän diýen manyny
berýar. Bu jisim gurluşy boýunça himiki elementleriň mikroskopiki razmer
we massasy boýunça iň kiçi bölegi bolup durýar. Atomyň gurluşy atom
ýadrosyndan we elektronlardan ybaratdyr. Eger-de protonlaryň sany
elektronlaryň sany bilen ýadroň içinde deň gelýan bolsa,onda atom
bütinleýin elektriki merkez bolup durýar. Käbir halatlarda ol polozitel we
otrisatel zarýadly gurluşlara eýe bolup oňa hem ionom diýilýar. Käbir
halatlarda atomlara elektromerkez ulgamy diýen manyda duşunýarler, onda
elektronlaryň zarýady we şol bilen bilelikde ýadronyň zarýady deň bolup,
garşylykly elektriki zarýadlanan ionlara itekleýar. Ýadro dola golaý 99.9%-den
ybarat bolan atom massasyny göterende polozitel zarýadlanan protonlaryň we
razýadlanan neýtronlardan öz-ara güýçli gatnaşykly gurluşa eýe bolup durýar.
Дата добавления: 2015-10-24; просмотров: 126 | Нарушение авторских прав
<== предыдущая страница | | | следующая страница ==> |
ENERGIÝA BARADA DÜŞÜNJE | | | ATOM KLASSIFIKASIÝALARY |